HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Belawia” awiakompaniýasy Türkmenistan bilen Belarusuň arasynda gatnawlary täzeden dikelder

Oktýabr 01, 2022 | 00:05 |8750
“Belawia” awiakompaniýasy Belarusdan Türkmenistana we Türkmenistandan Belarusa awiagatnawlary täzeden dikelder diýip, belarus awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynda ORIENT-e habar berdiler.“Belawia” awiakompaniýasy Belarusdan Türkmenistana we Türkmenistandan Belarusa awiagatnawlary täzeden dikelder diýip, belarus awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynda ORIENT-e habar berdiler.
Çeşme:

“Belawia” awiakompaniýasy Belarusdan Türkmenistana we Türkmenistandan Belarusa awiagatnawlary täzeden dikelder diýip, belarus awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynda ORIENT-e habar berdiler.

Gatnawlar Minsk-Türkmenbaşy-Minsk ugry boýunça hepdede bir gezek, sişenbeden çarşenbe gününe geçilmeginde şu tertipde ýerine ýetiriler:

– Minskden uçuş sişenbe güni 22:40-da, Türkmenbaşy şäherine gelip gonuş ertesi, çarşenbe güni 04:45-de,
– Türkmenbaşy şäherinden uçuş çarşenbe güni 05:45-de, Minsk şäherine gelip gonuş çarşenbe güni 08:05-de.

* Her şäher üçin onuň ýerli wagty görkezidi.

Goşmaça maglumaty awiakompaniýadan şu telefonlar boýunça anyklap bolar: (+993 12) 92-64-09, (+ 993 12) 92-02-27. “Belawianyň” Aşgabatdaky wekilhanasynyň edarasy şu salgyda: Ata Gowşudow köç. Jaý 50/2, 2-nji gat («Teke bazarynyň» ýanynda) ýerleşýär.

Ýakyn wagtda bolsa Aşgabat-Minsk-Türkmenabat ugry boýunça “Türkmenistan” awiakompaniýasy hem ýolagçy howa gatnawyny ýola goýar.

Ozal koronawirus pandemiýasy bilen bagly çäkendirmelerden soň, Türkmenistan Russiýanyň iki şäheri – Moskwa we Kazan, BAE we Germaniýa bilen göni howa gatnawyny täzeden dikeltdi.

ORIENT news
Foto: ria.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026