HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Baştutany we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolobaşçylary ÝET hem-de OST hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Sentýabr 29, 2022 | 20:22 |9145
Çarşenbe güni prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegine, şol sanda Halkara ahalteke sport toplumyndaky çärelere gatnaşan daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.Çarşenbe güni prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegine, şol sanda Halkara ahalteke sport toplumyndaky çärelere gatnaşan daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Çeşme:

Çarşenbe güni prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegine, şol sanda Halkara ahalteke sport toplumyndaky çärelere gatnaşan daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz Buried Hill Energy nebitgaz kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy Piter Kallosy hem-de John Deere amerikan maşyngurluşyk kompaniýasynyň oba hojalyk we bag-seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsi kabul etdi.

Kabul edişlikleriň dowamynda baýramçylyga degişli gürrüňlerden başga-da, hyzmatdaşlyk etmek we onuň geljekki mümkinçilikleri baradaky anyk meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Serdar Berdimuhamedow, hususan-da, Piter Kallos bilen duşuşykda Türkmenistanyň ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolmak bilen energiýa serişdelerini gazyp almak we onuň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Kallos, öz nobatynda, Buried Hill Energy-niň Hazaryň türkmen bölegindäki känleri mundan beýläk-de işlemäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Kompaniýa bu ýerde eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda iş alyp barýar.

Türkmen Lideri Markwart fon Pents bilen duşuşykda türkmen oba enagat toplumynyň tehonologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna ünsi çekdi hem-de bu ulgamda John Deere-iň işläp taýýarlaýjylary bilen netijeli gatnaşyk edilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň tehniki binýadyny täzelemäge gyzyklanýandygyny aýtdy.

Şeýle hem kompaniýanyň wekili türkmen buýrujylarynyň islegini nazarda tutup, oba hojalyk tehniklarynyň täze nusgalaryny getirmek babatda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy dowam etmegi we giňeltmegi maksat edinýändigini belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026