Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli, iş kesilen türkmenistanlylaryň 829-nyň we daşary ýurtlularyň 4-üsiniň günäsi geçildi
Sentýabr 24, 2022 | 16:17 |11720


Türkmenistanyň 829 raýaty we ýurduň çäginde jenaýata çekilip, iş kesilen 4 daşary ýurt raýatlary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň günä geçmek hakynda gol çeken Permanyna laýyklykda, jeza çäresini çekmekden boşadyldy. Bu barada türkmen telewideniýesiniň habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda habar berildi.
Türkmen lideri ýerli häkimiýetleriň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen raýatlary iş bilen üpjün etmekde ýardam bermegi tabşyrdy.
Türkmenistanda milli we döwlet baýramlarynyň öňüsyrasynda günä geçişlik çäresi geçirilýär. Bu gezek toba gelen raýatlaryň günäsini geçmek çäresi ýurduň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirildi.
ORIENT news








