HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Nanotehnologiýalaryň kömegi bilen arassa howadan dem alyň!

Awgust 07, 2022 | 19:12 |23820
Ýadyma düşüşine görä, uly ýaşly adamlar çagalykdan başlap, meniň we meniň deň-duşlarymyň kalbyna ýokanç ýaýradyjy keseller hem-de howp salyjy mikroblar barada aýdyp, gorky salýardylar. Ýöne, ýaşymyz ulalyp, düşünjämiz artsa-da, biziň örän ownuk mikroskopik organizmleriň planetamyzda “hojaýynçylyk” edýän döwründe ýaşamaly boljakdygymyzy göz öňüne getiren az-azdyr.Ýadyma düşüşine görä, uly ýaşly adamlar çagalykdan başlap, meniň we meniň deň-duşlarymyň kalbyna ýokanç ýaýradyjy keseller hem-de howp salyjy mikroblar barada aýdyp, gorky salýardylar. Ýöne, ýaşymyz ulalyp, düşünjämiz artsa-da, biziň örän ownuk mikroskopik organizmleriň planetamyzda “hojaýynçylyk” edýän döwründe ýaşamaly boljakdygymyzy göz öňüne getiren az-azdyr.
Çeşme:

Ýadyma düşüşine görä, uly ýaşly adamlar çagalykdan başlap, meniň we meniň deň-duşlarymyň kalbyna ýokanç ýaýradyjy keseller hem-de howp salyjy mikroblar barada aýdyp, gorky salýardylar. Ýöne, ýaşymyz ulalyp, düşünjämiz artsa-da, biziň örän ownuk mikroskopik organizmleriň planetamyzda “hojaýynçylyk” edýän döwründe ýaşamaly boljakdygymyzy göz öňüne getiren az-azdyr. Köpçülikleýin kesellemeleriň has ýokary derejä ýeten pursatynda eýmenç täzelikleri okap, hakydamyza ynsanyň tebigatyň eýesi däldigi, dünýäni göze görünmeýän ýokanç ýaýradyjy mikroblaryň dolandyrýandygy, şolar üçin biziň hem iýmit, hem şol bir wagtyň özünde olaryň ýaşamagyny üpjün edýän şert bolup durýandygymyz barada kalba howp salýan pikirler gelýärdi.

Derman serişdelerini öndürýän firmalar we kompaniýalar täze keseliň “hüjüminden” goranmak üçin serişdeleri döretmek ugrunda, soňra bolsa kimiň serişdesiniň netijelidigi dogrusynda mahabat etmek babatda ýaryşmaga ymtyldylar. Teklipler örän köp boldy, emma, lukmanlar öňüni almaga degişli berýän islendik görkezmelerinde hem-de bejergi işlerinde sagdyn adamlaryň-da, hassalaryň-da bolýan otaglaryny ýelejiredip durmagyň zerurdygy barada bir pikirde boldular.

Emma, şeýle-de bolsa, biz bolýan ýerlerimizde – öýümizde, iş otaglarymyzda tozan (ol hem kesel ýaýradyjydyr), bölünip çykýan gazlary (eger-de öýüňiziň ýanynda awtoulag ýoly çekilen bolsa), allergiýa döredip bilýän ösümliklerikleriň tozanlanmasyny (eger ýakynda bagy-bossanlyklar ösüp oturan bolsa), gurumly tüssäni we ýönekeý tüsseleri (eger ýakynda senagat desgalary ýerleşýän bolsa), dürli mör-möjekleri – siňekleri, çybynlary we ş.m. goýberýäris.

Käbir ýagdaýlarda bolsa, biz doly açylyp goýlan penjirelerden bularyň ählisini bilelikde goýberýäris. Näme etmeli?

Görlüp oturylsa, çykalga bar!

Дышите свежим воздухом с помощью… нанотехнологий!

Men bu barada lukmançylyk-bejeriş edarasynda däl-de, ... senagat-gurluşyk önümleriniň sergisinde bildim. Şol ýerde beýlekiler bilen deňeşdirilende, uly bolmadyk diwarlyga üns berdim, şonda nanomateriallardan taýýarlanylan penjirä dakylýan tor (setka) görkezildi.

“Kesgir Bulak” hususy kärhanasynyň direktory Ruslan Karanowyň gürrüň berişi ýaly, bu tor meniň ýokarda agzap geçen keselçilik döredijileriň aralaşmagyndan, şol bir wagtda-da kesel ýaýradyjy bakteriýalardan, mikroblardan we ş.m. beýlekilerden goraýar. Şunuň bilen birlikde-de, howadaky gaty mikroböleklerden hem-de ultramelewşe şöhlelenmelerden, tüsseden we duwara şemaldan (skwoznýak), şeýle hem açylyp goýlan penjirelerden siziň durmuşyňyza aralaşyp biljek ençeme beýleki ýaramaz maddalardan goraýar.

Şeýle ygtybarly goragyň syry bolsa, penjire torunyň syk dokalan nanosüýümlerden taýýarlanylanlygynda jemlenýär. Nanosüýümleriň her biri adamyň saçyndan 1000 esse inçedir.

Дышите свежим воздухом с помощью… нанотехнологий!

Başgaça aýdylanda, nanotor şeýle bir dykyz – ululygy syk dokalan nanosüýümleriň her biriniň aralygyndan uly bolan islendik görnüşdäki allergiýa döredijileriň, mikroblaryň, kesel ýaýradyjylaryň, bakteriýalaryň, tozanlaryň, ýaramaz aral duzunyň, dürli çybyn-çirkeýleriň aralaşmagyna ýol bermeýär.

Mundan başga-da, şeýle nanosüzgüçler, ýagşyň damjalaryny hem goýbermeýär. Siz göz öňüne getiriň: baharda ýyldyrym çakanda, penjireleri giňden açyp, öýe ýagşyň suwy däl-de, otrisatel ionlara baý, arassa, şähdiňi açýan howa girse, neneňsi ýakymly.

Дышите свежим воздухом с помощью… нанотехнологий!

Munuň üçin näme etmeli?

Dolandyryş bölümine jaň edip, “Kesgir Bulak” kärhanasy bilen habarlaşmaly we öý salgyňy görkezmeli. Bellenilen wagtda size olaryň işgäri gelip, penjiräniň ölçegini alyp gider hem-de birki günden nanotorly penjire çarçuwasyny getirip, ony gurnar.

– Hemme zat haçandyr bir wagt bir zatdan başlanýar, ýöne, ähli zadyň netijesi hem bolýar. Penjire nanotorunyň ygtybarlylyk ýagdaýy nähili? – diýip, men kärhananyň direktoryndan soraýaryn.

– Nanosüzgüç size on ýyldan gowrak hyzmat eder. Siziň ýeke ýerine ýetirmeli işiňiz: ony her 3-6 aýdan ony öýüňize aralaşyp bilmän, penjire nanotorunyň gözeneklerinde galan hapalardan, tozandan we ş.m. beýlekilerden arassalamak üçin suw bilen ýuwmaly. Eger siziň nanosüzgüji ýuwmaga wagtyňyz bolmasa, muny biziň kärhanamyzyň işgärleri ýerine ýetirip biler. Nanosüýümleriň hem-de nanotoruň içgi gurluşynyň nähili görnüşdedigini bolsa siz olary 60 esse ulaldylan ýagdaýynda görüp bilersiňiz – diýip, Ruslan aýtdy hem-de dessine ony görkezdi.

Your browser does not support HTML5 video.

– Bizde torlaryň dört görnüşi bar – diýip, ol sözüni dowam etdi. – Olar dürli reňkde we dürli häsiýetlidirler. Mysal üçin, ýagty tory – Laýt toruny buýrup bilersiňiz. Ol köp howa geçirýär, ýöne, adamyň demgysma keseli, haýsydyr bir öýken kesellemesi bar bolsa, onda ol özüni gara ýa-da çal nanosüzgüjiň kömegi bilen gorap biler – şolaryň süýümleri has dykyz dokalandyr. Biziň önümlerimiziň hilini bolsa, halkara şahadatnamalaryň birnäçesi tassyklaýar...

Ençeme esse ulaldylan görnüşi synlap hem-de Ruslan Karanowyň gürrüňlerini diňläp, men öýümiň içinde hemişe arassa howanyň bolmagy üçin näme etmelidigine düşündim...

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026