HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Aýdyň gijeler” syýahatçylyk, maslahat beriş we logistika bölümlerini açdy

Awgust 06, 2022 | 23:58 |14769
Diýarymyzda kompýuterleri we telewizorlary öndüriji hökmünde meşhur bolan “Aýdyň gijeler” türkmen kompaniýasy işewürligiň täze ugurlaryny özleşdirmegi maksat edinýär hem-de syýahatçylyk, maslahaat beriş we logistika ulgamlarynda taslamalar bilen meşgullanar.Diýarymyzda kompýuterleri we telewizorlary öndüriji hökmünde meşhur bolan “Aýdyň gijeler” türkmen kompaniýasy işewürligiň täze ugurlaryny özleşdirmegi maksat edinýär hem-de syýahatçylyk, maslahaat beriş we logistika ulgamlarynda taslamalar bilen meşgullanar.
Çeşme:

Diýarymyzda kompýuterleri we telewizorlary öndüriji hökmünde meşhur bolan “Aýdyň gijeler” türkmen kompaniýasy işewürligiň täze ugurlaryny özleşdirmegi maksat edinýär hem-de syýahatçylyk, maslahaat beriş we logistika ulgamlarynda taslamalar bilen meşgullanar.

Kärhana «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara serginiň çäklerinde meşgullanjak täze ugurlarynyň tanyşdyrylyşyny gurady.

“Aýdyň gijeler”-iň täze syýahatçylyk bölümi wizalary almaga, myhmanhanalarda ýerleşmegi öňünden bellemäge we beýlekilere kömek etmek arkaly içeri we daşary ýurt syýahatçylyk saparlaryny gurap, ugurdaş hyzmatlaryň ähli görnüşlerini hödürlemegi meýilleşdirýär.

Logistika bölümi ýükleri ätiýaçlandyrmak, gümrük resminamalaryny bellige aldyrmak hem-de harytlary wagtlaýyn saklamak boýunça goşmaça hyzmatlary hödürlemek bilen, howa, suw, awtomobil we demirýol ulaglary arkaly ýükleri ibermegi guramak bilen meşgullanar.

Maslahat beriş bölüminiň işi dolandyryş tejribesini paýlaşmaga, müşderilere dürli işewür pikirlerini amala aşyrmaga hem-de işewürligi her dürli ösdürmäge kömek bermäge gönükdirilendir.

Iýul aýynda hojalyk jemgyýeti ISO 9001:2015 halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklyk şahadatnamasyny aldy, şol resminama önümiň hilini dolandyrmagyň hem-de hyzmatlary hödürlemegiň ýokary derejededigine şaýatlyk edýär.

“Aýdyň gijeler” HJ 2016-njy ýylda esaslandyryldy we ilkibaşdan LED-lampalary öndürmäge ýöriteleşdirildi. Soňra bolsa kompaniýa önümçiligini giňeldip, Diýarymyzda kompýuterleri we noutbuklary öndürmäge girişip, ýurdumyzyň esasy innowasion kärhanalarynyň birine öwrüldi.

Sapar MYRADOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026