Ahalyň täze dolandyryş merkezinde ýol gurluşygyny “Ojar Aziýa” amala aşyrýar


"Ojar Aziýa" hususy kärhanasy Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezine alyp barýan we onuň içerki ýollarynyň gurluşygyny işjeň alyp barýar.
Bu barada hususy kärhananyň ýolbaşçysy Amanmuhammet Ojarow şu gün Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy-amaly maslahatda eden çykyşynda aýtdy.
Taslama laýyklykda, kompaniýa birinji tapgyrda 48,8 müň metr, ikinji tapgyrda bolsa - 17,8 müň metr ýol gurar. Şeýle hem, “Ojar Aziýa” häzirki wagtda hereket edýän ýoluň 5,4 müň metriniň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirer.
Gurluşyk işlerine ýol-gurluşyk tehnikasynyň jemi 118 sanysy we işçileriň 350-si gatnaşýar. Häzirki wagtda işleriň bir bölegi eýýäm tamamlandy.

Hususy kärhananyň ýolbaşçysy Türkmenistanda amala aşyrylýan iri gurluşyk taslamalaryna işjeň gatnaşýan "Ojar Aziýanyň" döwletiň goldaw bermegi we telekeçiligiň ösmegi üçin döredilýän iň gowy şertleriň netijesinde ýurduň pajarlap ösýän kompaniýalarynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny nygtap geçdi.
2008-nji ýylda döredilen bu hususy kärhana onlarça desganyň gurluşygyny amala aşyrdy, olaryň arasynda medeni-dynç alyş toplumlary, ýaşaýyş jaýlary, sport we senagat ähmiýetli binalar, şeýle hem ýollaryň we köprüleriň dürli görnüşleri bar. Gurluşyk ulgamynda üstünlikli alyp barýan işleri üçin kompaniýa diplomlaryň we hormat hatlarynyň 20-den gowragyna mynasyp boldy.
ORIENT news








