HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we energetika pudaklary halkara sergisinde

Awgust 06, 2022 | 20:45 |16010
Aşgabatda "Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2022" atly halkara sergisi öz işine başlady, oňa 120-ä golaý döwlet we hususy kärhanalarynyň, ylmy edaralaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar.Aşgabatda "Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2022" atly halkara sergisi öz işine başlady, oňa 120-ä golaý döwlet we hususy kärhanalarynyň, ylmy edaralaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar.
Çeşme:

Aşgabatda "Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2022" atly halkara sergisi öz işine başlady, oňa 120-ä golaý döwlet we hususy kärhanalarynyň, ylmy edaralaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar.

Your browser does not support HTML5 video.

Şeýle sergi Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýär we geçen ýyl döredilen täze hünär baýramçylygy – Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanýar. Bu çäre gurluşyk-binagärlik, energetika pudagynyň, senagat-gurluşyk ulgamynyň we himiýa pudagynyň hünärmenlerini birleşdirýär.

Строительный, промышленный и энергетический секторы Туркменистана представлены на международной выставке

Täze sergi we bu mynasybetli geçirilýän “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy-amaly maslahat şu ýyl kabul edilen sosial-ykdysady ösüşiň ýedi ýyllyk Prezident maksatnamasynyň çäginde aýratyn ähmiýete eýedir.

Bu strategik resminamanyň esasy ugurlarynyň biri Türkmenistanda häzirkizaman senagat kärhanalaryny döretmek, täze desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy, şeýle hem elektrik energiýasynyň öndürilişini ýokarlandyrmakdyr. Bularyň hemmesi 30 müňe çenli täze iş ýerlerini döretmäge we jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,7% derejesinde saklamaga ýardam etmelidir.

Строительный, промышленный и энергетический секторы Туркменистана представлены на международной выставке

Sergi ýurtda eýýäm hereket edýän iri senagat desgalarynyň gazananlary bilen tanyşdyrýar, bu kärhanalaryň öndürýän önümlerine içerki we halkara bazarlarda uly isleg bildirilýär. Olaryň arasynda Giýanlydaky polimer zawody, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod, “Türkmen aýna önumleri” kärhanasy we başgalar bar.

Uly göwrümli stend bitewi gurluşyk-senagatyny we energetika toplumyny emele getirýän "Türkmenenergo" döwlet korporasiýasyna, "Türkmenhimiýa" döwlet konsernine, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine, şeýle hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine bagyşlanýar.

Строительный, промышленный и энергетический секторы Туркменистана представлены на международной выставке

Sergä gatnaşýanlaryň arasynda gurluşyk materallarynyň, senagat we sarp edijilik önümleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan we iri gurluşyk taslamalaryna işjeň gatnaşýan türkmen hususy kärhanalarynyň sanynyň köplügi ýurtda telekeçiligiň işjeň ösýändigini görkezýär.

Строительный, промышленный и энергетический секторы Туркменистана представлены на международной выставке

Eziz ÖWEZOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026