HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Žurnalyň ähmiýeti bar: Türkmenistanyň binagärlik-gurluşyk neşiri barada

Awgust 06, 2022 | 16:44 |7752
"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" – ýalpyldawuk sahabyň içinde bu iki möhüm ugry birleşdirýän  jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-amaly neşirdir. Ol mydam özi bilen bir tekjede ýerleşen žurnallardan mese-mälim tapawutlanýar."Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" – ýalpyldawuk sahabyň içinde bu iki möhüm ugry birleşdirýän  jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-amaly neşirdir. Ol mydam özi bilen bir tekjede ýerleşen žurnallardan mese-mälim tapawutlanýar.
Çeşme:

"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" – ýalpyldawuk sahabyň içinde bu iki möhüm ugry birleşdirýän jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-amaly neşirdir. Ol mydam özi bilen bir tekjede ýerleşen žurnallardan mese-mälim tapawutlanýar.

Žurnal milli gurluşyk syýasatyny onuň sosial-ykdysady ölçeginde tutuşlygyna gurşap alýar we binagärlik taslamalaryndan başlap, bu pudagyň desgalaryň ýer titremesine garşylygy we hukuk binýady baradaky soraglaryna çenli bolan gerimde Türkmenistanda gurluşygyň we infrastrukturanyň dürli düzüm böleklerine bagyşlanýar.

Belli bir çäreler, aýratyn wakalar barada gürrüň berýän makalalardan başga-da, bu neşir içerki we dünýä bazarlaryndaky täze tendensiýalaryň çuňňur derňewini, gurluşyk toplumynyň ösüşine gönüden-göni täsir edýän kanunlar, meýilnamalar we döwlet derejesinde kabul edilen kararlar barada düşündirişleri çap edýär, şeýle hem, öz okyjylaryny iň gowy tejribeler, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşdyrýar.

6-njy awgustda ilkinji gezek bellenjek Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda žurnalyň nobatdaky sany çap edildi. Onda ýurtda ýaňy-ýakynda işe girizilen iri desgalar, gurluşygy giňden alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi, telekeçileriň gurluşyk pudagynda alyp barýan işleri we başga-da köp zatlar barada gürrüň berýän makalalar çap edildi.

Hünärmenleri, ilkinji nobatda, neşiriň tablisalary, shemalary we çyzgylary öz içine alýan hukuk we ylmy-tehniki bölümleri gyzyklandyrýan bolsa, okyjylar köpçüliginiň aglaba bölegini täze binalaryň uly göwrümli suratlary, binagärlik toplumlary, gurulmagy meýilleşdirilýän taslamalaryň dizaýn bezeg şekilleri bolan illýustrasiýalar özüne çekýär.

Строительство и архитектура Туркменистана

"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnalynda geljekki desgalaryň göze gelüwli maketleri, häzirkizaman şäher peýzažynyň owadan görnüşleri ýerleşdirilen bezemen ýylmanak sahypalaryny agdaryp, synlap oturşyňa, nazaryň eglenjek bu ajaýyp suratlar elmydam ýeterlik derejede bar. Bular ýaly, hem seredip, hem “elden geçirip” bolýan wizual-taktil maglumatlar ýeňillik bilen kabul edilýär we uzak wagtlap ýatda galýar. Gazetlerden we aýratyn-da, köplenç okalman, diňe gözden geçirilýän saýtlardan tapawutlylykda, žurnallaryň okyjylar köpçüliginiň söýgüsine eýe bolmagynyň syry hem şundadyr.

Mundan başga-da, žurnallaryň “ömri uzak” bolýar, olar abunaçylarda köp wagtlap saklanyp galýar, olara dürli forumlarda we sergilerde, kabul edişlige garaşylýan otaglarda ýa-da şypahananyň kabulhanasynda neşir edilen gününden ep-esli wagt geçenden soň gabat gelmek bolýar. Ol ýerlerde žurnallary köpsanly adamlar eline alyp, sahypalaryny yzygider agdaryp, esasan suratlaryna syn edýärler. Binagärlik bolsa, sungatyň görnüşi hökmünde, şol sanda gowy surat ýa-da grafiki taslama arkaly aýratyn täsir galdyrmak bilen, şekillendirişde öz mynasyp ornuny eýeleýär.

Ine, şol sebäpli, "Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnaly, özara bäsdeşlikde “kagyz kärdeşlerini-de” özlerine siňdirip barýan köpdürli internet-neşirleriniň sanynyň artmagyna garamazdan, islegli we ähmiýetli bolmagynda galýar. Habaryň ähmiýetliligi köpçüligiň dykgatyna hödürlenen pursatyndan başlap, minutlar we sekuntlar bilen ölçenilýän “webden” tapawutlylykda, binagärlik barada gürrüň berýän ýokary hilli žurnal ýuwaş-ýuwaşdan, ýöne ynamly ýagdaýda okyjylarda, jemgyýetde estetika, gözellik baradaky duýgy-düşünjeleri kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Emma, bu neşiriň sungat derejesindäki medeni taýdan ähmiýeti barada, ýagny – “lirika”.

“Fizika” diýýänimiz bolsa, söýgüli neşiriňi eliňe alyp, göz gezdirmegiň ýakymyndan başga-da, žurnalyň işewürlik, täze önümleri, taslamalary we hyzmatlary hödürlemek, markany öňe sürmek we tanatmak, hem-de hünärmenler gurşawyndan täze müşderileri çekmek üçin uly bir meýdança bolup durýanlygynda jemlenýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026