Ýol hereketleri boýunça düzgün bozulmalara jerime bellenendigini anyklamak we ony tölemek “Çapar” ykjam goşundysy arkaly mümkin


Ýol hereketleri boýunça düzgün bozulmalar üçin jerime bellenendigini anyklamak we dessine töleg etmek üçin Türkmenistanyň ýaşaýjylary Android we iOS enjamlarynda işleýän “Çapar” programmasyny ulanyp bilerler.
Goşundynyň baş sahypasynda “DÝGG jerimeler” bölümini saýlap, açylýan menýudaky “Jerimeler” düwmesine basmak ýeterlikdir. Ilkinji gezek size ulagyňyzyň şahsy hasaba alyş belgisini girizmek hödürlener.
Ulag belgisiniň ähli harplary we sanlary awtoulagyňyzyň belgisinde görkezilişi ýaly girizilmelidir.

Bellenen jerimäni saýlap, ony töleg karty ýa-da ykjam telefonyň hasaby arkaly dessine tölemek bolar.
Töleg amala aşyrylandan soň, kwitansiýany telefonda saklap, soňra çap etmek mümkin. Jerimäniň tölegi barada kwitansiýanyň asyl nusgasyny poçta arkaly gowşurmak hyzmaty hem işlenip taýýarlanýar.
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasyna degişli “Çapar” programmasynyň üsti bilen çapar çagyrmak, jemagat hyzmatlary üçin tölegleri tölemek, ykjam telefonyň hasabyny doldurmak ýaly we ş.m. başga-da köp peýdaly hyzmatlardan peýdalanmak bolar.
"Türkmenpoçta" poçta aragatnaşygy kompaniýasynyň hyzmatlary barada goşmaça maglumat üçin telefon belgileri: 075.
ORIENT








