Döwlet eýeçiligindäki emläkleri satmak boýunça nobatdaky bäsleşikli söwdalar Türkmenistanda 17-nji awgustda geçiriler


17-nji awgustda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki emläkleri satmak boýunça onlaýn arkaly bäsleşikli söwdalary döwlet emlägini satmak boýunça söwdalaryň geçirilýän meýdançasynda e.fineconomic.gov.tm geçirer.
Hususy eýeçilige satmaga 25 lot çykarylar, olar Türkmenistanyň Söwda ministrligine, Oba hojalyk ministrligine, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine, “Türkmenawtoulaglary” agentligine, Ýol gurluşyklaryny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine, “Türkmenhaly” döwlet birleşigine, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine hem-de Daşoguz, Lebap we Mary welaýat häkimliklerine degişlidir.
Bäsleşikli söwdalarda iň ýokary başlangyç baha Türkmenabatdaky “Lebapdaşarysöwda” daşary ykdysady birleşigine degişli bolan “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi üçin goýlar. Ol alyja 51,8 million manada düşüp biler.
Has arzan lot – “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli bolan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäheriniň Garaşsyzlyk köçesinde ýerleşýän 4-nji dükan. Onuň başlangyç nyrhy 86,1 müň manat bahalandyrylýar.
Ähli lotlara degişli PDF görnüşdäki tablisany şu salgydan ýükläp bolar.
Bäsleşikli söwdalara tassyklanan görnüşde arza beren, bellenilen möhletde ujundan pul hem-de ýörite ýygym geçiren Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurtlular hem-de döwlete degişli bolmadyk edara görnüşli taraplar gatnaşyp biler. Arzalary Maliýe ministrligi kabul edýär.
Şeýle hem, “Döwletiň garamagyndan aýyrmak we döwlet emlägini hususylaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyşmagy maslahat berýäris.
ORIENT news








