TDHÇMB-niň söwdalary: dizel ýangyjyny eksport etmäge 18 geleşik baglaşyldy


Duşenbe güni, 1-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda L-0,5-62 görnüşli dizel ýangyjyny eksport etmäge 18 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri jemi 15 müň tonna dizel ýangyjyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy $17,1 million geçdi.
L-0,5-62 görnüşli dizel ýangyjynyň bahasy ozaly söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 5,2% pese düşdi we bir tonnasynyň bahasy $1 145,25 deň boldy.
Söwdalara şu gün (2-nji awgustda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news








