Beýik Britaniýanyň “Chevening” magistr maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalar kabul edilip başlandy


Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Angliýanyň baýry ÝOM-nde magistr derejesini almak üçin 2023-2024-nji okuw ýyly üçin Chevening programmasyna gatnaşmak isleýänlere arzalaryň kabul edilip başlanandygyny habar berdi.
Bu maksatnama Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär we oňa gatnaşyjylaryň okuw we ýaşamak üçin aýlyk töleglerini, ýol harajatlaryny öz içine alýar.
Okuwyň dowamlylygy bir ýyllyk bolup, ol mugallymlary taýýarlamak we iňlis dilini öwrenmek boýunça kurslardan daşary, dürli ugurlar boýunça elýeterdir.
Maksatnama gatnaşyjylardan edilýän esasy talaplar – iňlis dilinde erkin gürlemek, bakalawr diplomyň bolmagy, azyndan 2 ýyllyk iş tejribesiniň bolmagy hökmanydyr.
Maksatnama gatnaşmak isleýänler 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli chevening.org internet saýtyndaky elektron görnüşdäki arzalary dolduryp ugratmaly. Arzany we beýleki resminamalary doldurmagyň düzgünleri we oňa degişli maslahatlar bilen şu salgyda tanyşmak mümkin.
Goşmaça maglumat üçin ukembassy.ashgabat@fcdo.gov.uk elektron salgy boýunça ýüz tutmak bolar.
ORIENT news








