HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze kanun döwlet edaralaryny ilata hödürlenýän elektron hyzmatlary kämilleşdirmäge borçlandyrdy

Iýul 28, 2022 | 16:08 |7959
Şu gün neşir edilip, güýje giren Türkmenistanyň “Elektron hökümet hakynda” Kanuny ilata hödürlenýän elektron hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin döwlet edaralaryny anyk çäreleri görmäge borçlandyrdy.Şu gün neşir edilip, güýje giren Türkmenistanyň “Elektron hökümet hakynda” Kanuny ilata hödürlenýän elektron hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin döwlet edaralaryny anyk çäreleri görmäge borçlandyrdy.
Çeşme:

Şu gün neşir edilip, güýje giren Türkmenistanyň “Elektron hökümet hakynda” Kanuny ilata hödürlenýän elektron hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin döwlet edaralaryny anyk çäreleri görmäge borçlandyrdy.

Ministrlikler we bölümler:

– elektron resminamalaryň ýeke-täk standartyny ulanmaly,
– öz aralarynda maglumat alyş-çalşyny ýola goýmaly,
– ýüz tutýanlardan artykmaç kepilnamalary talap etmezden, elektron hyzmatlaryny ýerine ýetirmeli.

Elektron hökümetiň esasy aýratynlygy döwlet edaralarynyň raýatlara hyzmat etmek üçin olardan goşmaça resminamalary soramagy bes etmegini göz öňünde tutýan köpugurly “Bir penjire” ulgamy bolar. Edaralar, arza beriji gatnaşmazdan, zerur bolan kepilnamalary pudagara maglumat alyş-çalyş ulgamy arkaly kärdeşlerinden özbaşdak almaly bolarlar.

Закон Туркменистана «Об электронном правительстве»

Şeýle hem, kanun elektron hyzmatlaryna deň elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilendir, ýagny bar bolan hyzmatlary ulanmak üçin ähli raýatlarda deň derejede mümkinçilik bolmaly.

Şeýle hem, resminama döwlet edaralaryny artykmaç administratiw proseduralary aradan aýyrmak, ýüz tutýanlar tarapyndan berilýän resminamalaryň sanyny azaltmak, hyzmatlaryň ýerine ýetiriliş möhletini azaltmak we ş.m. arkaly elektron hyzmatlarynyň amala aşyrylyş tertibini yzygiderli kämilleşdirmäge borçlandyrýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026