Ýolagçylaryň dykgatyna: Türkmenistanda aşa gyzgyn howa sebäpli otlylaryň tizligi çäklendirildi
Iýul 24, 2022 | 03:26 |8486


“Türkmendemirýollary” agentligi öz internet saýtynda şu günler Türkmenistanyň çäginde howanyň çendenaşa gyzgyn bolmagynyň demir ýoluň, onuň polat bölekleriniň temperaturasynyň ýokarlanmagyna täsir edýändigi sebäbli, otlylaryň tizliginiň çäklendirilendigi barada habar berdi.
Otlylaryň tizligini çäklendirmek gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen iýul-awgust aýlary aralygynda wagtlaýyn kabul edildi. Bu ähli otlylaryň gatnaw tertibine täsir eder, şonuň üçin ýolagçylar otlylaryň bellenen wagtyndan giç geljekdigini göz öňünde tutmalydyrlar.
ORIENT news








