Türkmenistan BMG-de Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde diýen halkara ýylyny yglan etmek pikirini öňe sürýär


Dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak, gatnaşyklaryň medeniýeti baradaky mesele häzir ählumymy häsiýete eýe bolýar. Muňa Prezident Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Çolpon-Atada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde çykyş edende aýratyn ünsi çekdi.
Türkmen Lideri sebitiň döwletleriniň bir-birek bilen gatnaşyklarynda hormat goýmagyň, deň hukuklylygyň hem-de ynanyşmagyň nusgasyny görkezip, bu maksatlary halkara derejesinde öňe ilerletmelidirler diýip hasaplaýar.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-de 2023- nji ýyly halkara derejede “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy hödürlemäge taýýarlaýandygyny habar berdi. “Biz bu oňyn teklibiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi tarapyndan goldanyljakdygyna ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şeýle hem Türkmenistan BMG-de “Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy” atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak teklibi bilen çykyş etdi we bu başlangyjyň hem goldanyljakdygyna umyt edýär.
“Sebit gapma-garşylyklarynyň ýygylygynyň artmagy bilen baglylykda, olary aradan aýyrmak, öňüni almak boýunça ylalaşykly garaýşymyz aýratyn ähmiýete eýe bolýar” diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de gapma-garşylyklary aradan aýyrmakda, olary gepleşikler arkaly çözmek üçin amatly şertleri döretmekde halkara tagallalary goldamak maksady bilen, sebitiň çäklerinde we beýleki döwletler bilen bilelikde diplomatik gatnaşyklary işjeň¬leşdirmäge çagyrdy.
“Şu babatda biz sebitde, hususan-da, BMGniň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi arkaly öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmaga öz garaýyşlarymyzy teklip edip bileris we teklip etmelidiris” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy hem-de şu ýylyň güýzünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrlikleriniň sebit merkeziniň ýolbaşçylarynyň derejesinde ge¬ňeşmeleri geçirmegi teklip etdi.
ORIENT news








