HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tatarstan ulag we logistika boýunça sebitara topar döretmegi teklip edýär

Iýul 19, 2022 | 01:47 |8681
Tatarstanyň daşary ykdysady gatnaşyklary, esasan Yslam döwletleri bilen özara gatnaşyklaryň gadymy däpleri bilen kesgitlenýär – diýip, Tatarstan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň geňeşçisi Ýelena Agzamowa duşenbe güni Aşgabat ulag forumynda eden onlaýn çykyşynda aýtdy.Tatarstanyň daşary ykdysady gatnaşyklary, esasan Yslam döwletleri bilen özara gatnaşyklaryň gadymy däpleri bilen kesgitlenýär – diýip, Tatarstan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň geňeşçisi Ýelena Agzamowa duşenbe güni Aşgabat ulag forumynda eden onlaýn çykyşynda aýtdy.
Çeşme:

– Tatarstanyň daşary ykdysady gatnaşyklary, esasan Yslam döwletleri bilen özara gatnaşyklaryň gadymy däpleri bilen kesgitlenýär – diýip, Tatarstan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň geňeşçisi Ýelena Agzamowa duşenbe güni Aşgabat ulag forumynda eden onlaýn çykyşynda aýtdy.

Ol Prezident Rustam Minnihanowyň 2006-njy ýylda Russiýanyň tanymal döwlet işgäri Yewgeniý Primakow we Tatarstanyň ilkinji Prezidenti Mintimer Şaýmiýew tarapyndan döredilen “Russiýa – Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparyna ýolbaşçylyk edýändigini ýatlatdy. (Ýeri gelende aýtsak, Yewgeniý Primakow Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat palatasyna on ýyldan gowrak wagt ýolbaşçylyk etdi).

Татарстан предлагает создать межрегиональную группу по транспорту и логистике

– Türkmenistanyň görnükli syýasy işgäri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII Halkara ykdysady sammitiniň umumy mejlisinde eden çykyşyndan aýdyp geçmek isleýärin: “Tatarstan adatça, ykdysady, söwda, maýa goýum we gumanitar ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen köpsanly taslamanyň başlangyjy we direktory hökmünde çykyş edýär. Şeýle taslamalara häzirki döwürde aýratyn isleg bildirilýär, ol Russiýanyň we Yslamyň gatnaşyklarynyň medeniýetiniň dörän we baýlaşan, köpmilletli Russiýanyň we musulman ýurtlarynyň halklarynyň dünýägaraýşy we ruhy ýakynlygy formirlenen esaslaryny goramaga we berkitmäge gönükdirilendir”.

Ýelena Agzamowa eýýäm gün tertibinde duran meseleleriň bilelikdäki çözgütlerini işläp düzmek boýunça sebitara topar döretmek üçin Tatarstan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň ulag we logistika pudagy boýunça ýeterlik derejede hünärmenleriniň bardygyny nygtap geçdi.

Mysal üçin, gämi abatlaýyş we gämi gurluşygy, Türkmenbaşynyň deňiz porty üçin hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlarda mundan beýläkki hyzmatdaşlyk meseleleri, gözegçilik proseduralarynyň çalt geçmegini üpjün edýän "ýaşyl" gümrük geçelgesiniň mehanizmini tassyklamak, elektron resminama dolanyşygynyň ýönekeýleşdirilen ulgamyny döretmek ýaly meseleler iki tarap üçin hem bähbitlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026