HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: Awtoulaglara niýetlenilen A-95 görnüşli benzin eksporta satyldy

Iýul 16, 2022 | 21:11 |8561
Anna güni 15-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $24,9 million hem-de 675 müň manatlyk 22 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Anna güni 15-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $24,9 million hem-de 675 müň manatlyk 22 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Anna güni 15-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $24,9 million hem-de 675 müň manatlyk 22 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkiýäniň we Owganystanyň wekilleri jemi 15 müň tonna A-95 görnüşli awtoulag üçin niýetlenilen benzini satyn aldylar, söwdalarda bu önümiň iň ýokary bahasy $1 037,50 deň boldy. Haryt boýunça geleşikleriň umumy bahasy $12,7 million barabar boldy.

Ýokarda agzalan ýurtlaryň wekileri КО-20 görnüşli yşykylandyryjy kerosiniň 10 müň tonnasyny satyn almaga hem şertnama baglaşdylar. Nebit önüminiň bir tonnasynyň bahasy $968,75, geleşikleriň umumy bahasy bolsa $9,6 milliona deň boldy.

“Oba hojalygy” boýunça söwdalarda Türkiýeden gelen işewür umumy bahasy $10,5 müň bolan buýanyň arassalanmadyk guradylan köküniň 21 müň tonnasyny satyn aldy.

Tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümlerini Gyrgyzystanyň wekilleri $356,9 müň satyn aldylar, BAE-niň işewüri bolsa $204 müň nah ýüplügi almaga şertnama baglaşdy. Ýerli telekeçi 675 müň manatlyk nah ýüplük satyn aldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026