Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda “Daşkent” seýilgähi Özbegistanyň Prezidentiniň sapary güni açylar

Iýul 15, 2022 | 17:13 |18009
Türkmen paýtagtynda gurulýan “Daşkent” seýilgähi Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana sapary gününde açylar. Bu barada penşenbe güni özbek lideri Türkmenistanyň Baştutany Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri boýunça žurnalistlere habar berdi.Türkmen paýtagtynda gurulýan “Daşkent” seýilgähi Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana sapary gününde açylar. Bu barada penşenbe güni özbek lideri Türkmenistanyň Baştutany Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri boýunça žurnalistlere habar berdi.
Çeşme:

Türkmen paýtagtynda gurulýan “Daşkent” seýilgähi Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana sapary gününde açylar. Bu barada penşenbe güni özbek lideri Türkmenistanyň Baştutany Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri boýunça žurnalistlere habar berdi.

Mirziýoýew ozal Özbegistanyň paýtagtynda gurlan “Aşgabat” seýilgähiniň häzirki wagt şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç alýan iň söýgüli ýerleriniň birine öwrülendigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi. Özbek Lideri Aşgabatdaky “Daşkent” seýilgähiniň hem şonuň ýaly iň köp gelinýän hem-de özüne çekiji ýere öwrüljekdigine ynam bildirdi.

“Daşkent” medeni we dynç alyş seýilgähiniň gurluşygyna Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklarynyň dostlugynyň, agzybirliginiň we medeni taýdan ýakynlygynyň nyşany hökmünde türkmen paýtagtynda Magtymguly şaýolunyň ugrunda 2021-nji ýylda başlanyldy.

Seýilgäh 30 müň inedördül metre golaý meýdanda ýerleşer. Onuň çäklerinde bina edilen desgalar Daşkendiň gözelliklerine meňzär. Gurluşyk işlerini “Zehinli iş” hojalyk jemgyýeti ýerine ýetirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026