HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda mukdarynyň iki esse artmagyna garaşylýar

Iýul 15, 2022 | 01:35 |8820
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet sapary we Özbegistan Respublikasynyň baştutany Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikler.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet sapary we Özbegistan Respublikasynyň baştutany Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikler.
Çeşme:

– Ýakyn ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwdanyň mukdary iki esse köpeler – diýlip, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň Taşkentde giňişleýin formatda geçiren gepleşikleriniň barşynda bellenip geçildi.

Söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagyna türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek we bu goňşy döwletleriň paýtagtlarynda söwda öýlerini açmak hakynda ýokary derejede kabul edilen kararlar goşant goşmalydyr.

Taraplaryň awtoulag gurluşygy, elektrotehnika, dokma pudagy, azyk we derman senagaty, oba hojalyk ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge isleg bildirýändikleri bellenip geçildi.

– Gatnaşyklaryň durnukly pugtalandyrylmagyny üpjün etmek üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň orta möhletli Maksatnamasy kabul ediler – diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Şeýle hem, Türkmenistan bilen Özbegistan geljegi uly taslamalary öňe sürmek üçin bilelikdäki taslama ofisini döretmegi meýilleşdirýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026