HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: 20 müň tonna suwuklandyrylan gaz eksporta satyldy

Iýul 08, 2022 | 23:00 |9340
Penşenbe güni 7-nji iýulda Türkmen Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $10,6 mln bolan suwuklandyrylan tebigy gazy satyn almaga 27 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Penşenbe güni 7-nji iýulda Türkmen Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $10,6 mln bolan suwuklandyrylan tebigy gazy satyn almaga 27 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Penşenbe güni 7-nji iýulda Türkmen Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $10,6 mln bolan suwuklandyrylan tebigy gazy satyn almaga 27 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

STG-niň bahasy soňky satuwlardaky bilen deňeşdirilende, 3,4% pese düşdi we bir tonnasynyň bahasy $531 barabar boldy. Önümi Türkiýäniň, BAE-niň, Özbegistanyň hem-de Owganystanyň telekeçileri satyn aldylar.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazyň jemi 20 müň tonnasy Türkmenistandan eksporta ugradylar.

STG-niň iýun aýyndaky ortaça bahalary bilen deňeşdirilende, häzir TDHÇMB-da bu haryt 9,1% gymmat satylýar.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026