HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat gazna biržasy ikinji bazarda paýnamalaryň söwdasynyň mümkindigini ýatlatdy

Iýul 08, 2022 | 07:16 |11708
Aşgabat gazna biržasy (AGB) maýadarlara we emitentlere gymmatly kagyzlaryň ikinji bazarynda paýnamalary satmagyň we satyn almagyň mümkindigini ýatlatdy.Aşgabat gazna biržasy (AGB) maýadarlara we emitentlere gymmatly kagyzlaryň ikinji bazarynda paýnamalary satmagyň we satyn almagyň mümkindigini ýatlatdy.
Çeşme:

Aşgabat gazna biržasy (AGB) öz resmi saýtyndaky habarnamasynda maýadarlara we emitentlere gymmatly kagyzlaryň ikinji bazarynda paýnamalary satmagyň we satyn almagyň mümkindigini ýatlatdy.

Ikinji bazar söwdasy gymmatly kagyzlar bazarynda dolanyşykda bolan paýnamalaryň hakyky bazar bahasyny anyklamaga mümkinçilik berýär. AGB-nyň esasy wezipeleriniň biri – bu bahany teklip we isleg esasynda kesgitlemek – diýlip, habarda aýdylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat gazna biržasy müşderilerini 46-86-27 we 46-88-05 telefon belgileri arkaly ikinji bazarda paýnamalary satyn almak we satmak baradaky tekliplerini bermäge çagyrdy.

Şeýlelik bilen, ýüz tutmalaryň belli bir sanyndan soň, AGB dolanyşykdaky paýnamalaryň bazar bahasyny kesgitläp biler we geljekde gymmatly kagyzlaryň ikinji bazaryndaky dolanyşygy ýokarlandyrmak üçin bu maglumatlary maýadarlar bilen paýlaşar.

Häzirki wagtda AGB biržada baglaşylýan geleşikler baradaky maglumatlar bilen şu salgyda yzygiderli paýlaşyp durýar.

Birža “Senagat” (paýnama üçin 20 TMT), “Rysgal” (paýnama üçin 5250 TMT) we “Halkbank” (paýnama üçin 303 TMT) banklarynyň paýnamalaryny satyn almaga mümkinçilik berýär. AGB-nyň dolanyşygynda jemi 52,2 million TMT paýnama bar.

Geljek üç ýylyň dowamynda USAID-iň goldaw bermeginde AGB-nyň ýurtda hususy dellal we maýa goýum kompaniýalarynyň döremegine, gymmatly kagyzlar hasaplaşyklary üçin merkezi ammaryň döredilmegine, maýadarlar we emitentler (gymmatly kagyzlary çykarýan guramalar) üçin amatly bazar gurşawynyň döremegine ýardam berjekdigi barada ozal ORIENT habar beripdi.

Aşgabat gazna biržasynda elektron söwda ulgamyny ornaşdyrmak we täze maliýe önümlerini, şol sanda korporatiw obligasiýalary, REPO, birža maýa goýum gaznalaryny, deriwatiwleri, ýagny 2-nji derejeli gymmatly kagyzlary satuwa çykarmak meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026