HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: suwuklandyrylan gazyň bahasy ep-esli ýokarlandy

Iýul 08, 2022 | 00:42 |9886
6-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasy ep-esli ýokarlandy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.6-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasy ep-esli ýokarlandy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

6-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasy ep-esli ýokarlandy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Owganystanyň telekeçileri STG-yň bir tonnasy üçin $550 teklip etdiler, bu bolsa soňky söwdalardaky baha bilen deňeşdirilende, 10,8% ýokarydyr. Eksporta jemi 1,2 müň tonna suwuklandyrylan gaz iberiler. Bu haryt boýunça geleşikleriň umumy bahasy $165 müň barabar boldy.

Içerki bazarda ýerli işewürler umumy bahasy 78 million manat bolan jemi 15 müň tonna granulirlenen görnüşli tehniki kükürt satyn aldylar.

Şeýle hem türkmen telekeçileri söwdalarda umumy bahasy 12,2 müň manada deň bolan elde dokalan halylaryň dürli görnüşlerini satyn aldylar.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026