HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: dokma önümleri eksporta satyldy

Iýul 06, 2022 | 17:40 |11287
Sişenbe güni, 5-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurtlara dokma önümlerini ibermäge umumy bahasy $330 müň bolan geleşikler baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Sişenbe güni, 5-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurtlara dokma önümlerini ibermäge umumy bahasy $330 müň bolan geleşikler baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Sişenbe güni, 5-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurtlara dokma önümlerini ibermäge umumy bahasy $330 müň bolan geleşikler baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Gyrgyzystanyň telekeçisi $266,7 müň reňklenen tüýjümek önümleriň jemi 48,5 müň kg-ny satyn aldy.

Tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümleri, öz nobatynda, Azerbaýjanyň wekili satyn aldy. Ol önümiň 11,5 müň kg.-y üçin $63,2 müň teklip etdi.

Eksporta ýerlenen önümler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürldi.

Söwdalara şu gün (6-njy iýulda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026