HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: ECO-5 görnüşli dizel ýangyjy eksporta satyldy

Iýul 06, 2022 | 06:55 |15679
Duşenbe güni, 4-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $3,9 mln we 390 müň manat bolan 4 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Duşenbe güni, 4-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $3,9 mln we 390 müň manat bolan 4 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Duşenbe güni, 4-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $3,9 mln we 390 müň manat bolan 4 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri söwdalarda ECO-5 (sort-D) görnüşli suw bilen arassalanan dizel ýangyjynyň jemi 3 müň tonnasyny satyn aldylar.

Işewürler dizel ýangyjynyň bir tonnasyny $1 308,50 bahalandyrdylar, bu bolsa soňky söwdalardaky baha bilen deňeşdirilende, 5,3% ýokarydyr. Haryt boýunça geleşikleriň umumy bahasy $3,9 million deň boldy.

Şeýle hem Türkiýäniň wekili söwdalarda manat serişdelerine nah ýüplük satyn aldy. Dokma senagaty ministrliginiň 12 müň kg. önümi eksporta 390 müň manada iberiler.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026