Türkmenistanyň DÖM boýunça milli iş toparynyň onlaýn-duşuşygy geçirildi


Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli iş topary nobatdaky onlaýn-duşuşyk geçirdi. Onda ýurtda DÖM-ny durmuşa geçirmek boýunça gazanylan üstünlikler we mundan beýläkki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow giriş sözünde duşuşyga gatnaşyjylara ministrlik tarapyndan DÖM-ny amala aşyrmak boýunça geçirilen işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, ol şu ýyl ýurtda geljek 30 ýyl üçin kabul edilen durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatnamasynyň BMG tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna daýanýandygyny ýatlatdy.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi BMG-niň Bilelikdäki bilermenler toparynyň hem-de 2021-nji ýylda DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça hökümetiň ýyllyk hasabytyny hem hödürledi we maslahata gatnaşyjylary DÖM-nyň milli görnüşine girizilen üýtgeşmeler bilen tanyşdyrdy.

Serdarow häzirki wagtda Türkmenistanyň “hiç kim çetde galmaly däl” diýen ýörelgeden ugur alyp, DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça işleri ýene has-da işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda 2023-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Meýletin milli synyny hödürlemäge taýýarlamak maksady bilen geçirilen işleriň netijelerine garaldy.
DUR babatda alnyp barlan işler baradaky hasabatlar bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri çykyş etdiler.
ORIENT news








