HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: uçar kerosini we nah ýüplük eksporta satyldy

Iýun 26, 2022 | 16:33 |8622
Anna güni, 24-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $21,7 million we 21,1 million manatlyk 16 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Anna güni, 24-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $21,7 million we 21,1 million manatlyk 16 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Anna güni, 24-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $21,7 million we 21,1 million manatlyk 16 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Beýik Britaniýanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçileri TS-1 görnüşli uçar kerosiniň jemi 19,5 müň tonnasyny satyn aldylar. Önüm bir tonnasy üçin $1 114,75 bahalandyryldy, bu bolsa mundan ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende, $1 arzandyr. Haryt boýunça geleşikleriň umumy bahasy $21,7 million deň boldy.

Hindistanyň we Gazagystanyň işewürleri milli pulda 490,9 müň kilogram dürli görnüşli nah ýüplükleri satyn almaga şertnamalary baglaşdylar. Geleşikleriň netijesindäki baha 21,1 million manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen biržanyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026