TDHÇMB-niň söwadalary: ýodlaşdyrylan duz we ýodly galamlar ekporta satyldy


Penşenbe güni, 23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $993,7 müň we 904,1 müň manat bolan 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Owganystanyň telekeçisi TS-1 görnüşli 500 tonna uçar kerosini satyn aldy. Önümiň bahasy mundan öňki söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 4,7% pese düşdi we bir tonnasynyň bahasy $1 115,75 deň boldy. Geleşigiň umumy bahasy $557,8 müň barabar boldy.
BAE-niň işewüri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýodlaşdyrylan nahar duzunyň 10 müň tonnasyny ibermäge geleşik baglaşdy. Geleşigiň umumy bahasy $200 müň deň boldy.
Päkistanyň wekili söwdalarda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan öndürilen ýodly we açyk ýaşyl çalgyçly galamlary – hersinden 48 müň sanysyny satyn aldy. Şertnamanyň umumy bahasy 128,6 müň manada deň boldy.
BAE-niň telekeçileri $235,8 müň we 775,5 müň manatlyk dürli görnüşli nah ýüplükleri hem satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna şu gün (24-nji iýunda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen biržanyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news








