“Türkmenpoçta” arkaly Türkmenistandan ugratmalary amala aşyrmak


“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Aşgabadyň Halkara howa menzilindäki ýük terminalynda açylan täze bölüminde Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna daşary ýurtlara we ýurduň içinde hatlary, degişli beýleki ugratmalary we poçta ýüklerini ibermek elýeterlidir.
“Türkmenpoçta”-nyň ýörite onlaýn-hasaplaýjysy arkaly ugratmanyň takmynan bahasyny hasaplap bolar.
Şu salgy boýunça ýa-da “Çapar” diýen goşundy arkaly Android üçin ýa-da iOS olaryň wekilini (çapary) çagyryp hem bolar. “Türkmenpoçta”-nyň ýurduň ähli welaýatlarynda hereket edýän bölümleriniň salgylaryny şu ýerden tapyp bolar.
“Türkmenpoçta”-nyň paýtagtymyzyň Howa menziliniň ýük terminalyndaky bölümi arkaly ibermegiň esasy artykmaçlygy dünýäniň islendik nokadyna iberilýän zadyň iberiji üçin bolşy ýaly, kabul ediji üçin hem ýetirilmeginiň ýokary çaltlygyndan we amatly bolup durýandygyndan ybaratdyr.
075, +993(12) 230748, +993(12) 230761 telefon belgileriine jaň edip, Türkmenistandan daşary ýurtlara we ýurduň içi boýunça ugratmalara degişli goşmaça maglumatlary alyp bolar.
ORIENT








