HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwadalary: geçen hepde $23,1 million harytlar eksport edildi

Iýun 20, 2022 | 23:17 |7353
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $23,1 million we 8 million manatlyk geleşikleriň 24-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $23,1 million we 8 million manatlyk geleşikleriň 24-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $23,1 million we 8 million manatlyk geleşikleriň 24-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Daşary ýurtlara TS-1 görnüşli awia kerosini ibermäge geleşikler baglaşyldy. Daşary ýurt işewürleri $9,4 million bu önümiň jemi 8 müň tonnasyny satyn aldylar.

Awiakerosin 13-nji iýunda iň ýokary baha eýe boldy, şonda onuň bir tonnasyny $1 184-dan satmaga geleşikler baglaşyldy. Bu bolsa şu aýda ozal bellige alnan şertnama bilen deňeşdirilende, 12,1% ýokarydyr.

TDHÇMB auksionynda TS-1 awiasiýa kerosin markasynyň bahasy

Цена на авиакеросин марки ТС-1 на торгах ГТСБТ

Geçen hepde TDHÇMB-niň söwadalarynda daşarky bazara göni işlenen benziniň bir tonnasy $632,5-dan ýerlenildi. TPP D 30 S görnüşli polipropileniň bir tonnasy eksporta $1 186-dan ugradyldy.

Türkmen önümlerini ABŞ-niň, Hindistanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň işewürleri satyn aldylar.

TDHÇMB-daky söwdalara şu gün (20-nji iýunda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen biržanyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026