HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-nyň söwdalary: polipropilen we tehniki uglerod ibermäge geleşikler baglaşyldy

Iýun 19, 2022 | 18:35 |14981
Anna güni, 17-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy nahasy $3,7 million bolan 6 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Anna güni, 17-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy nahasy $3,7 million bolan 6 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Şenbe güni, 18-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $3,7 million bolan 6 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

BEA-niň we Owganystanyň telekeçileri TPP D 30 S görnüşli polipropileniň jemi 2 müň tonnasyny almaga geleşik baglaşdylar. Önümiň bir tonnasynyň bahasy $1 486 deň boldy. Bu haryt boýunça geleşikleriň umumy bahasy $2,9 million barabar boldy.

ABŞ-nyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen «К-354» görnüşli tehniki uglerodyň 800 tannasyny satyn aldylar. Onuň bir tonnasynyň bahasy $800 deň boldy. Geleşigiň umumy bahasy $640 müň barabar boldy.

Gyrgyzystandan gelen telekeçi söwdalarda $116,1 müň nah ýüplügiň 35,2 müň tonnasyny satyn aldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgydaky saýtynda tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumy boýunça söwdalar duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebitgaz toplumy boýunça birža söwdalary duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şol bir wagtyň özünde-de, şu tmex.gov.tm salgydan biržadaky harytlaryň satuwynyň dowamy bilen hem-de gönüden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle-de biržadaky söwdalaryň satuwy barada bildiriş çap etmek hem mümkin.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026