HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň buýrugyndan düşündiriş – agyz-burun örtüklerini nirede ulanmaly

Iýun 17, 2022 | 04:05 |39859
Türkmenistanda agyz-burun örtüklerini jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde (şahsy däl), köp adamly ýapyk binalarda we döwlet serhediniň barlag-goýberiş nokatlarynda hökman dakynmaly.Türkmenistanda agyz-burun örtüklerini jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde (şahsy däl), köp adamly ýapyk binalarda we döwlet serhediniň barlag-goýberiş nokatlarynda hökman dakynmaly.
Çeşme:

Türkmenistanyň çäginde agyz-burun örtüklerini hökmany dakynmaly:

– jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde,
– köp adamly ýapyk binalarda,
– döwlet serhediniň barlag-goýberiş nokatlarynda.

Bu düzgünler Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň saýtynda ýerleşdirilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesowyň 13-nji iýunda çykaran buýrugyndan gelip çykýar. Buýrugyň doly mazmuny bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

Buýruk 2020-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanda möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin kabul edilen wagtlaýyn çäreleriň täzelenen görnüşini tassyklady.

Şeýle hem, resminamada mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin agyz-burun örtüklerini dakynmagyň hökmany däldigi bellenilýär.

Mundan ozal Prezident Serdar Berdimuhamedow Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň öňüni alyş çärelerini tapgyrlaýyn gowşatmak teklibini goldapdy we KHBS-niň üsti bilen ilata agyz-burun örtüklerini nirede dakynmaly, nirede dakynmaly däldigini düşündirmegi tabşyrypdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026