HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ýaş hünärmenler üçin salgyt mukdary azalar

Iýun 17, 2022 | 03:26 |19112
Ýaş hünärmenler girdeji salgydynyň 50%-ini tölärler.Ýaş hünärmenler girdeji salgydynyň 50%-ini tölärler.
Çeşme:

Okuwyny ýaňy-ýakynda gutaran ýaş hünärmenler Türkmenistanda işe alnandan soň ilkinji üç ýylda salgyt ýeňilliklerinden peýdalanarlar.

– Kanunçylyga bu üýtgetmäni girizmegi Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow teklip etdi – diýip, resmi türkmen metbugaty ýazýar.

Bilim edarasyny tamamlap, işe başlan ýaş hünärmenler zähmet döwrüniň 1-nji ýylynda girdeji salgydynyň bellenilen kadasyndan 50%-ini tölärler, 2-nji we 3-nji ýylynda bolsa ýeňillik 25%-e deň bolar.

Degişli goşmaça bendi “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň ýaşlara goldaw bermegiň anyk mehanizmlerine degişli bolan 35-nji maddasynyň 6-njy bendinden soň goşmak meýilleşdirilýär. Bu Kanun 2013-nji ýylda işlenip düzüldi we kabul edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026