HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Okuwlaryny dowam etmek üçin mekdepleriň uçurymlary harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmäge mümkinçilik alyp bilerler

Iýun 15, 2022 | 19:07 |9681
Türkmenistanda orta mekdepleriň uçurymlary ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmäge synaglara gatnaşmak üçin harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmäge mümkinçilik alyp bilerler.Türkmenistanda orta mekdepleriň uçurymlary ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmäge synaglara gatnaşmak üçin harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmäge mümkinçilik alyp bilerler.
Çeşme:

Türkmenistanda orta mekdepleriň uçurymlary ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmäge synaglara gatnaşmak üçin harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmäge mümkinçilik alyp bilerler.

Türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar syýasaty babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň meselelerine bagyşlanan maslahatda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna degişli goşmaçany girizmegi teklip etdi.

Ýaşlar giriş synaglaryna gatnaşmaga bir gezek mümkinçilik alarlar diýilip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjynda aýdylýar.

Goşmaçany ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, agzalan Kanunyň 20-nji maddasynyň 13-nji bendinden soň girizmek teklip edildi.

Türkmenistanda geçirilen bilim özgertmelerinden soň, türkmen ýaşlary orta mekdepleri kämillik ýaşyna ýetenlerinden soň tamamlarlar, bu bolsa okuwlaryny dowam etmäge mümkinçiligi bolmazdan, olary harby gulluga çagyrmak üçin sebäp bolup bilerdi. Kanunçylyga girizmek teklip edilen täze goşmaça şeýle ýagdaýy aradan aýyrmalydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026