HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýranyň Prezidenti: Aşgabat bilen Tähran geljekki iki onýyllyk üçin hyzmatdaşlyk baradaky resminama gol çekmäge taýýar

Iýun 15, 2022 | 21:43 |12330
Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Aşgabat bilen Tähranyň gatnaşyklary ösdürmäge çynlakaý çemeleşýändiklerini we geljekki iki onýyllyk üçin ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky resminama gol çekmäge taýýardyklaryny aýtdy.Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Aşgabat bilen Tähranyň gatnaşyklary ösdürmäge çynlakaý çemeleşýändiklerini we geljekki iki onýyllyk üçin ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky resminama gol çekmäge taýýardyklaryny aýtdy.
Çeşme:

– Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Türkmenistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşygyň netijeleri boýunça geçirilen metbugat maslahatynda Aşgabat bilen Tähranyň gatnaşyklary ösdürmäge çynlakaý çemeleşýändiklerini we geljekki iki onýyllyk üçin ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky resminama gol çekmäge taýýardyklaryny aýtdy – diýip, Mehr habarlar agentligi habar berýär.

Şeýle-de, Raisi Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Tährana ilkinji saparynyň goňşy ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm waka öwrüljekdigini belledi.

– Soňky döwürde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, aýratyn-da, tebigy gazyň üstaşyr geçirilmeginde, täze derejä çykdy – diýip, EYR-nyň döwlet baştutany aýtdy. Ykdysadyýetde, söwdada, şeýle hem suwdan peýdalanmak we elektroenergetika ýaly ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilikler bar.

– Şu günki gepleşikler Aşgabat bilen Tähranyň gatnaşyklary ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady, muňa dürli ulgamlarda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalaryň 9-ysyna gol çekilmegi-de şaýatlyk edýär – diýip, Eýranyň Prezidenti aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026