TDHÇMB-niň söwadalary: awiakerosiniň bahasy 12%-den gowrak artdy


Duşenbe güni, 13-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $3,7 million we 7,3 million manat bolan 4 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Owganystanly telekeçi TS-1 görnüşli awiakerosiniň 3 müň tonnasyny satyn almaga şertnama baglaşdy. Soňky söwdalar bilen deňeşdirilende, bu harydyň bahasy 12,1% göterim ýokarlandy we tonnasynyň bahasy $1 184,25 barabat boldy. Geleşigiň umumy bahasy $3,5 million deň boldy.
Türkiýeli işewür söwdalarda $180,6 müň nah ýüplük satyn aldy. Manat serişdelerine BAE-niň hem-de Gazagystanyň telekeçileri 7,3 million manatlyk 166 müň kilogramdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna şu gün (14-nji iýunda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen biržanyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news








