HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-nyň söwdalary: Geçen hepde ECO-93 görnüşli benzin esasy satylan önüm boldy

Iýun 14, 2022 | 03:42 |10838
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $134,7 million we 973,5 müň manatlyk geleşikleriň 18-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $134,7 million we 973,5 müň manatlyk geleşikleriň 18-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $134,7 million we 973,5 müň manatlyk geleşikleriň 18-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Geçen hepde ECO-93 görnüşli awtoulag benzinine isleg has ýokary boldy, soňky söwdalaryň netijeleri boýunça onuň bahasy bir tonnasy üçin $1 028 ýetdi we aňyrky hepdedäki bahalar bilen deňeşdirilende 4,9% artdy.

2022-nji ýylyň iýun aýynyň başynda TDHÇMB auksionynda ECO-93 benziniň bahasy

Цена на автобензин марки ECO-93 на торгах ГТСБТ в начале июня 2022 года

Geçen hepde-de daşary ýurtly işewürler tebigy gazdan öndürilen türkmen benzininiň jemi 130 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy $132,7 milliona deň boldy.

Şeýle hem geçen hepde bir tonnasy üçin $496 baha boýunça suwuklandyrylan gazyň 3 müň tonnasyny satyn almaga geleşik baglaşyldy. Suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasy aňyrky hepdedäki bilen deňeşdirilende 4% artdy, bu önüm boýunça geleşigiň umumy bahsy bolsa $1,4 milliondan gowrak boldy. Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgydaky saýtynda tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumy boýunça söwdalar duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebitgaz toplumy boýunça birža söwdalary duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şol bir wagtyň özünde-de, şu tmex.gov.tm salgydan biržadaky harytlaryň satuwynyň dowamy bilen hem-de gönüden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle-de biržadaky söwdalaryň satuwy barada bildiriş çap etmek hem mümkin.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026