HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda suw üpjünçiligi boýunça hökümet topary döredildi

Iýun 12, 2022 | 09:07 |11553
Prezident Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Minkab-iň mejlisinde Türkmenistanda suw üpjünçiligi boýunça Hökümet toparyny döretmek hakynda karara gol çekdi.Prezident Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Minkab-iň mejlisinde Türkmenistanda suw üpjünçiligi boýunça Hökümet toparyny döretmek hakynda karara gol çekdi.
Çeşme:

Prezident Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Minkab-iň mejlisinde Türkmenistanda suw üpjünçiligi boýunça Hökümet toparyny döretmek hakynda karara gol çekdi.

Ozal döwlet Baştutany şeýle düzümi döretmek barada tabşyryk beripdi. Oňa obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Annageldi Ýazmyradow ýolbaşçylyk eder.

Toparyň düzümine Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Ýokary gözegçilik edarasynyň, ylmy institutlaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri hem-de beýleki jogapkär adamlar girer.

Toparyň işi ýurduň suw serişdeleriniň netijeli we oýlanyşykly ulanylmagyna, olaryň ätiýaçlygyny artdyrmaga, suw üpjünçilik desgalaryny gurmak we dolandyrmak babatda işleri utgaşdyrmaga gönükdiriler.

Şeýle hem şu hepde Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň suwuny süýjediji desgalary gurmagyň we suwy Aşgabada ibermegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

23:30 Oktýabr 05, 2026
Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

23:03 Oktýabr 05, 2026
Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

22:00 Oktýabr 05, 2026