HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kervan Logistics® – türkmen telekeçiliginde öňdebaryjylaryň hatarynda

Iýun 10, 2022 | 07:48 |15432
Kervan Logistics® kompaniýasy 5 ýyl mundan öň – 2017-nji ýylda döredildi. Şu günki günde Kervan Logistics®-da logistika, gümrük, metrologiýa we önümi sertifikatlaşdyrma ýaly ugurlarda baý tejribesi bolan ýokary derejeli hünärmenler zähmet çekýär.Kervan Logistics® kompaniýasy 5 ýyl mundan öň – 2017-nji ýylda döredildi. Şu günki günde Kervan Logistics®-da logistika, gümrük, metrologiýa we önümi sertifikatlaşdyrma ýaly ugurlarda baý tejribesi bolan ýokary derejeli hünärmenler zähmet çekýär.
Çeşme:

Kervan Logistics® kompaniýasy 5 ýyl mundan öň – 2017-nji ýylda döredildi. Şu günki günde Kervan Logistics®-da logistika, gümrük, metrologiýa we önümi sertifikatlaşdyrma ýaly ugurlarda baý tejribesi bolan ýokary derejeli hünärmenler zähmet çekýär.

Häzirki wagtda kompaniýanyň Aşgabatdaky merkezi ofisinden başga-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda şahamçasy we Türkiýede wekilhanasy hereket edýär.

001.jpg

Kervan Logistics® kompaniýasy haýsy ugurlar boýunça iş alyp barýar? Ol köpugurly bolup, logistika ulgamynda senagat desgalary boýunça maslahat bermek, gümrük resminamalaryny taýýarlamak, sertifikatlaşdyrma, şahadatnama we metrologiýa boýunça maslahat bermek, şeýle hem, gümrük dellalçylygy hyzmatlaryny-da hödürleýär. Kervan Logistics® ýük daşamak we ugratmak, taslama logistikasy boýunça wezipeleri ýerine ýetirýär, barlag-ölçeg enjamlaryny gurnamak, düzmek we abatlamak işlerini alyp barýar. Munuň üçin kompaniýanyň ähli zerurlyklar bilen üpjün edilen ýörite häzirkizaman barlaghanasy bar. Myndan başga-da, Kervan Logistics® kompaniýasy suw taýýarlama we suw arassalama ulgamlary üçin senagat himiýasyny öňdürýän “Green Chemicals” kompaniýasynyň ýeke-täk distribýutory bolup durýar, ýagny onuň önümini bellenen çäklere getirmäge we şol çäkde satmaga hukuklydyr.

002.jpg

Kervan Logistics® kompaniýasy Türkmenistan – Merkezi Aziýa we Türkmenistan – Ewropa ugry boýunça halkara gatnawy türkmen kärdeşleriniň arasynda ilkinji bolup özleşdiren logstik guramadygyna çäksiz buýsanýar.

003.jpg

Ýükler Türkmenbaşy – Baku – Gara deňziň we Ortaýer deňziniň portlary – Ýewropa ugry boýunça Türkmenistanyň awtoulag serişdeleri bilen daşalýar. Hetijede, ýüküň bellenen ýere ýetirilmeli möhleti gysgalýar, harydyň ol ulagdan düşürilip, başga ulaga ýüklenende ýüze çykýan zaýalanma ýagdaýy aradan aýrylýar, iň esasysy bolsa – haryt daşamakda edilýän çykdajy ep-esli azalýar.

005.jpg

Kervan Logistics® kompaniýasynda işleýänleriň ählisi bu günki üstünlikleriniň özenini agzybir zähmetde, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini yzygider ýokarlandyryp durmaga bolan islegleriniň birliginde görýärler. Telekeçilikde diňe jebislikde – yhlasly, tutanýerli zähmet bilen üstünlige ýetip bolýar. Haýsy ugurda iş alyp barýandygyna seretmezden, Kervan Logistics® kompaniýasynyň işgärleri jebis bir topar hökmünde belli bir pikir, bir maksat boýunça hereket edýärler. Telekeçilikde – bu diýseň wajyp!

004.jpg

Kervan Logistics® kompaniýasy bilen saýt arkaly, info@kervanlogistics.com elektron poçtasyna ýazyp ýa-da +99312 414174, +99365 531257 telefon belgilerine jaň edip habarlaşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026