HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwletjan Ýagşymyradow meşhur türk serialynda keşp janlandyrdy

Iýun 08, 2022 | 23:05 |63557
Döwletjan Ýagşymyradow Osman imperiýasynyň döreýşi baradaky türk serialynda keşp janlandyrypdyr.Döwletjan Ýagşymyradow Osman imperiýasynyň döreýşi baradaky türk serialynda keşp janlandyrypdyr.
Çeşme:

MMA-nyň (garyşyk söweş sungaty) söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Osman imperiýasynyň döreýşi baradaky meşhur türk serialynda keşp janlandyrypdyr. Türgen surata düşürilen wideoýazgylardan bölekleri we kinonyň öňki bölüminden parçalary öz Instagram sahypasynda ýerleşdiripdir.

Taryhy wakalara baý bu serialy ATV teleýaýlymy 2019-njy ýyldan bäri görkezip gelýär, onda Osman imperiýasyny esaslandyryjynyň ömri barada gürrüň berilýär.

Ýagşymyradow serialda ýerine ýetirýän keşbinde düşen suratlaryny we wideoýazgylaryny paýlaşypdyr. Onuň haýsy roly ýerine ýetirýändigi heniz näbelli.

Bildirişden çen tutsaň, serialyň türkmen türgeniniň gatnaşmagyndaky bölümi 8-nji iýunda Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da ýaýlyma berler. Ol serialyň 97-nji bölümi ýa-da 3-nji möwsümiň 33-nji bölümidir.

Döwletjan Ýagşymyradow birnäçe gezek ORIENT-iň taýýarlan wideoýazgylarynda surata düşüpdi. Olaryň birini siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

Your browser does not support HTML5 video.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

23:30 Oktýabr 05, 2026
Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

23:03 Oktýabr 05, 2026
Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

22:00 Oktýabr 05, 2026