HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maslahaty – agyz-burun örtüklerini açyk howada aýyryň

Iýun 07, 2022 | 21:00 |9563
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi agyz-burun örtüklerini açyk howada aýyrmagy, ýapyk binalarda we awtoulaglarda dakynmagy maslahat berýär.Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi agyz-burun örtüklerini açyk howada aýyrmagy, ýapyk binalarda we awtoulaglarda dakynmagy maslahat berýär.
Çeşme:

– Agyz-burun örtüklerini ýapyk binalarda we awtoulaglarda dakynyň, açyk howada bolsa aýyryň – diýip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi Türkmenistanyň resmi metbugat sahypalarynda ýatladýar.

Şeýle-de, ministrligiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi şahsy we jemgyýetçilik tertip-düzgünlerini, arassaçylyk kadalaryny yzygiderli berjaý etmegi, elleriňizi ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmagy we zyýansyzlandyryjy serişdelerden peýdalanmagy ýatladyp, tomus möwsüminde Günüň ýiti şöhlesinden goranmagy maslahat berýär.

Mundan ozal Prezident Serdar Berdimuhamedow 1-nji iýundan Türkmenistanda öňüni alyş çärelerini tapgyrlaýyn gowşatmak teklibini goldapdy.

Bu teklibi degişli halkara tejribesini düýpli öwreren Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar işläp düzdi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bu babatda berýän maslahatlary bilen döwlet gazetleriniň bildirişler bölüminde türkmen we rus dillerinde tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026