HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwadalary: hepdede suwuklandyrylan gazyň we dizel ýangyjynyň bahalary ýokarlandy

Iýun 06, 2022 | 20:49 |9938
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $83 million we 15 million manatlyk geleşikleriň 30-sy baglaşyldy diýip, habar ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $83 million we 15 million manatlyk geleşikleriň 30-sy baglaşyldy diýip, habar ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $83 million we 15 million manatlyk geleşikleriň 30-sy baglaşyldy diýip, habar ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Hepdäniň dowamynda biržanyň esasy harytlarynyň bahalary artdy. Dellallar suwuklandyrylan tebigy gazy bir tonnasy üçin $476,60 bahalandyrdylar, bu bolsa aňyrky hedpäniň söwdalaryndaky baha bilen deňeşdirilende, 2,4% gymmatdyr.

Suw bilen arassalanan dizel ýangyjynyň bir tonnasynyň bahasy $1 185,75 ýetdi, bu bolsa 2,2% ýokarydyr.

TS-1 awiakerosininiň bahasy soňky söwdalar bilen deňeşdirilende, 9,7% pese düşdi we $1 056,25 barabar boldy.

TDHÇMB-niň söwadalarynda daşary ýurtlara jemi suwuklandyrylan tebigy gazyň 800 tonnasyny, TS-1 awiasiýa kerosininiň 9,5 müň tonnasyny we suw bilen arassalanan dizel ýangyjynyň 20 müň tonnasyny ibermäge geleşikler baglaşyldy.

Şeýle hem söwdalarda ECO 93 görnüşli ($979,50) awtoulag benzini, jemlenen nebit koksy ($667) we ýakylan nebit koksy ($828) ýerlenildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna şu gün (6-njy iýunda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen biržanyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026