HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenip, köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy

Iýun 05, 2022 | 16:02 |12804
Türkmenistanda 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli  köpçülikleýin welosipedli ýörişler guraldy.Türkmenistanda 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli  köpçülikleýin welosipedli ýörişler guraldy.
Çeşme:

Hepdäniň anna güni Aşgabatda Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy – diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Массовый велопробег в Туркменстане при участии президента Сердара Бердымухамедова

Welosipedli ýöriş Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşen “Welosiped” binasynyň ýanyndan badalga aldy. Bu ýere sport çäresine gatnaşmak üçin Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de daşary ýurtly diplomatlar ýygnandylar.

Массовый велопробег в Туркменстане при участии президента Сердара Бердымухамедова

Prezident Serdar Berdimuhamedow welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Welosipedli ýörişiň geçýän ugry paýtagtyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollary bolup, ýollaryň ugrunda döredijilik toparlaryň çykyşlary guralypdyr.

Массовый велопробег в Туркменстане при участии президента Сердара Бердымухамедова

Welosipedli ýörişe gatnaşyjylar bellenen aralygy geçip, ahyrky nokada - türkmen paýtagtynyň merkezinde ýerleşen “Ruhyýet” köşgüniň ýanyna geldiler. 3-nji iýunda bu çäre bilen bir wagtda welosipedli ýörişler Türkmenistanyň ähli welaýarynda-da geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026