HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen babadaýhanlary galla oragyna girişdiler

Iýun 04, 2022 | 14:56 |8994
Anna güni Türkmenistanda köpçülikleýin bugdaý oragy başlandy. Ýygym möwsümi ýurduň bäş welaýatynyň üçüsinde – Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy.Anna güni Türkmenistanda köpçülikleýin bugdaý oragy başlandy. Ýygym möwsümi ýurduň bäş welaýatynyň üçüsinde – Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy.
Çeşme:

Anna güni Türkmenistanda köpçülikleýin bugdaý oragy başlandy. Ýygym möwsümi ýurduň bäş welaýatynyň üçüsinde – Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy. Bir hepdeden, 10-njy iýunda günbatar we demirgazyk sebitimiz – Balkan we Daşoguz welaýatlarynda oraga girişiler.

Babadaýhanlaryň öňünde 1,4 million tonna däne ýygnap almak wezipesi durýar. Bugdaý ýetişdirilen meýdanlaryň iň uly möçberlisi Ahal welaýatyndadyr, onuň yzýanyndan Mary we Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň ekin meýdanlary durýar, güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen ekerançylyk meýdanlarynyň iň az möçberlisi – deňizýaka sebiti Balkan welaýatydyr. Ýurdumyz boýunça bugdaý ekilen ýerleriň umymy meýdany 690 müň gektara deňdir.

Туркменские хлеборобы вступили в уборочную страду

Orak möwsümine 2 müň 64 kombaýn taýýarlanyldy, şolar meýdanlarda gije-gündiz işlediler. Abatlaýyş-tehniki toparlar sarp ediş serişdeleri, ýangyç-çalgy ýaglary we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün edildi, orak möwsüminiň üzsnüksiz alnyp barylmagy şol toparlara baglydyr. Hasylyň daşalmagyny ýük ulaglarynyň 9,8 müňüsi, onuň kabul edilmegini bolsa elewatorlaryň 154-si amala aşyrar.

Ekerançylar bilen hasaplaşyklar «Daýhanbankyň» ýerlerdäki şahamçalarynda alnyp barlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026