Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjan türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen goýberilmeginiň tarapdary

Iýun 03, 2022 | 01:02 |9123
Azerbaýjanyň wise-premýeri Şahin Mustafaýew we Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Jawad Owji gepleşikleriň barşynda türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugratmak taslamasyny durmuşa geçirmegiň derwaýyslygyny nygtap geçdiler.Azerbaýjanyň wise-premýeri Şahin Mustafaýew we Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Jawad Owji gepleşikleriň barşynda türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugratmak taslamasyny durmuşa geçirmegiň derwaýyslygyny nygtap geçdiler.
Çeşme:

Azerbaýjanyň wise-premýeri Şahin Mustafaýew we Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Jawad Owji gepleşikleriň barşynda türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugratmak taslamasyny durmuşa geçirmegiň derwaýyslygyny nygtap geçdiler. Bu barada Azerbaýjanyň Ministrler Kabinetine salgylanýan AZERTAC agentligi habar berýär.

Habarda: “Nebit-gaz ulgamyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilýändigi bellenildi. Türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugratmak taslamasyny durmuşa geçirmegiň wajyplygy nygtalyp geçildi” – diýip, aýdylýar.

Birnäçe gün öň “Armenpress” agentligi Jawad Owjiniň sözlerine salgylanmak bilen, Eýranyň türkmen gazyny swop görnüşinde Ermenistana ibermäge taýýardygyny habar berdi.

– Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji öz ýurdunyň Ermenistana türkmen gazyny swop görnüşinde ibermäge taýýardygyny mälim etdi we gazyň Türkmenistandan Ermenistana goýberilmegi barada gepleşikleriň eýýäm başlanandygyny belläp geçdi – diýip, habarda aýdylýar.

Nury AMANOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026