HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Mekkede umra hajyny berjaý etdi

Iýun 03, 2022 | 00:33 |30135
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mekkede umra hajyny berjaý etdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mekkede umra hajyny berjaý etdi.
Çeşme:

Hepdäniň çarşenbe güni Saud Arabystanyna ugran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow yslam dünýäsiniň ruhy paýtagty – mukaddes Mekge şäherine bardy.

– Türkmen lideriniň daşary ýurda ilkinji saparynyň maksatlarynyň biri-de umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmekdir – diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Döwlet baştutany bilen bilelikde, keramatly topraga zyýarat etmäge Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan hormatly ýaşulylar we kümüş saçly eneler hem gitdi.

Паломничество президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова в Мекку

Prezident Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Mekkede Saud Arabystany Patyşalygynyň ýörite dini wekilleriniň ugratmagynda Al-Haram metjidine bardy. Wekiliýetiň agzalary bu ýerde öýle namazyny okadylar, soňra umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmäge girişdiler.

Паломничество президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова в Мекку

Iýun aýynyň 1-inden 2-sine geçilýän gijede mukaddes Käbäniň keramatly örtügi serpilip, Serdar Berdimuhamedowa onuň içinde namaz okamak üçin ýörite mümkinçilik döredildi. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkyna çuňňur hormat-sarpanyň nyşany boldy.

Şeýle-de, zyýaratyň çäklerinde türkmen liderine mukaddes Käbeden keramatly nyşan hasaplanýan teperrik gowşuryldy. Döwlet baştutany bu teperrigi Türkmenistana we onuň halkyna bildirilen çäksiz hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026