HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Demirýollary” AGPJ zyýaratçylar üçin Aşgabat-Köneürgenç ugry boýunça ýörite otlyny gurnaýar

Iýun 02, 2022 | 18:23 |9552
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasyna barýan zyýaratçylar we syýahatçylar üçin ýörite otly gurnady.“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasyna barýan zyýaratçylar we syýahatçylar üçin ýörite otly gurnady.
Çeşme:

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasyna barýan zyýaratçylar we syýahatçylar üçin ýörite otly gurnady. Aşgabat-Köneürgenç-Aşgabat ugry boýunça ýolagçy otlusynyň gatnawy 2022-nji ýylyň 10-njy iýunyndan başlaýar. Bu barada “Demirýollary” AGPJ resmi web-saýtynda habar berýär.

Aşgabat-Köneürgenç-Aşgabat ugry boýunça ýolagçy otlusynyň Aşgabat stansiýasyndan ugraýan wagty:
Aşgabat 17:10
Içoguz 22:30 – 22:50
Daşoguz 04:30 – 04:15
Köneürgenç 08:00

Köneürgenç stansiýasyndan ugraýan wagty:
Köneürgenç 19:00
Daşoguz 21:45 – 22:15
Içoguz 04:08 – 04:28
Aşgabat 09:30

Otly Içoguz we Daşoguz ýaly ilatly nokatlaryň demir ýol stansiýalarynda hem durup geçer (barýan wagty otlynyň gatnaw tertibinde görkezilendir).

Demir ýol otlusynyň restoran wagonynda ýolagçylar üçin dürli görnüşdäki tagamlar hödürlenýär. Otluda hödürlenýän goşmaça hyzmatlaryň tölegleri petegiň bahasyna girýär.

Saýtda petekleriň bahalary görkezilen.

Kupe wagony:
Çagalar üçin - 83 manat 90 teňňe,
uly adamlar üçin - 146 manat 30 teňňe.

2 adamlyk SW wagony:
Çagalar üçin - 125 manat 10 teňňe,
uly adamlar üçin - 263 manat 90 teňňe.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026