HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguzuň täze Köpugurly hassahanasyna baryp gördi

Iýun 01, 2022 | 22:56 |12091
Sişenbe güni Türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezindäki täze Köpugurly hassahana baryp gördi diýip, şu gün resmi metbugat ýazýar.Sişenbe güni Türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezindäki täze Köpugurly hassahana baryp gördi diýip, şu gün resmi metbugat ýazýar.
Çeşme:

Sişenbe güni Türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezindäki täze Köpugurly hassahana baryp gördi diýip, şu gün resmi metbugat ýazýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hassahananyň hirurgiýa operasiýalaryna taýýarlygy geçen kiçi ýaşly näsaglarynyň halyndan habar aldy, olaryň ata-eneleri bilen gürrüňdeş boldy, olaryň hassahanada ýerine ýetirilýän lukmançylyk hyzmatlary baradaky pikirleri bilen gyzyklandy.

2-3.jpg

Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylyk edarasynyň ikinji gatynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary hem-de hassahananyň baş lukmany bilen bölümiň işleriniň guralyşy, lukman işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we lukmanlaryň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Iş maslahatynyň dowamynda türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy ISO sertifikatlaryny yzygiderli täzelemegiň, hassahananyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda özüniň milli saglygy goraýyş ulgamynda işlemeginiň köpýyllyk şahsy tejribesine esaslanyp, anyk tekliplerini aýtdy.

4-5.jpg

Şol gün biraz wagtdan Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen oba hojalyk institutyna hem baryp, ýokary okuw mekdebinde okamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy hem-de talyplar bilen duşuşyk geçirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026