Gökdepe metjidinde BAE-niň merhum döwlet Baştutanynyň hatyrasy tutuldy


Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky metjitde türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.
Sadakadan öňürti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy baradaky habary gynanç duýgusy bilen kabul edendiklerini hem-de döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň hatyra çärelerine gatnaşandygyny belledi.

Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy diňe bir bu ýurduň halky üçin däl, dünýä jemgyýetçiligi üçin hem uly ýitgi boldy. Ol ýaşan ömründe yslam dünýäsinde öçmejek yz goýdy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýurduň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy barada aýdyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň BAE-niň merhum Baştutanynyň
Aşgabatda metjidiň, Döwletliler köşgüniň, «Ene mähri» hem-de Halkara iç keselleri merkezleriniň gurulmagynda, Arçman şypahanasynyň döwrebap ýagdaýa getirilmeginde, Maryda çagalar hassahanasynyň gurluşygynda, Marynyň Halkara howa menziliniň döwrebaplaşdyrylmagynda aýratyn uly tagallasynyň bardygyny belledi.

Prezidenti aýratyn tagalla etdi. Türkmenistan üçin Birleşen Arap Emirlikleri ygtybarly hyzmatdaş, ýürekdeş dostdur diýip, Milli GeňeşiňHalk MaslahatynyňBaşlygy belledi hem-de ýola goýlan asylly däpleriňdowam etdirilip, ýurtlarymyzyňarasyndaky gatnaşyklaryňmundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigini nygtady.
– Hoşniýetli erke we dost-doganlyga daýanýan hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolan bu işleri Halkymyz hemişe ýagşylykda ýatlar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şeýle hem şol gün Köşidäki metjitde we Döwletliler köşgünde BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi.
ORIENT news








