HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: hepdäniň dowamynda suwuklandyrylan gazyň we dizel ýangyjynyň bahalary aşak düşdi

Maý 16, 2022 | 21:13 |9193
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $29,2 million we 182 million manatdan gowrak geleşikleriň 48-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $29,2 million we 182 million manatdan gowrak geleşikleriň 48-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $29,2 million we 182 million manatdan gowrak geleşikleriň 48-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Suwuklandyrylan gazyň bahasy aňyrky hepdäniň has ýokary bahasy bilen deňdeşdirilende 4,4% pese düşdi hem-de tonnasy üçin baha $471-a deň boldy.

Цена сжиженного газа в Туркменистане на торгах ГТСБТ

Suw bilen arassalanan dizel ýangyjy 6,8% arzanlady we tonnasynyň bahasy $1042 boldy.

Şeýle hem geçen hepdede tonnasy üçin $995,50-dan L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjy hem-de tonnasyna $40-dan portlantsement we kilogramynyň bahasy $5,50-dan boýalan tüýjümek önümler ýerlenildi.

Içerki bazarda geçen hepdede nebit koksy, bitum we esaslyk ýaglar, tehniki kükürt, ýokary dykyzlykly polietilen hem-de elde dokalan halylar islegden peýdalandy.

Şu gün (16-njy maýda) söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgydaky saýtynda tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumy boýunça söwdalar duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebitgaz toplumy boýunça birža söwdalary duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýa we Dşwlet baýdagynyň Gününiň baýram edilýändigi bilen baglylykda, TDHÇMB-da söwdalar geçirilmez.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026