HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: ilkinji gezek içerki bazarda külkelenen tehniki kükürt satyldy

Maý 13, 2022 | 02:48 |14421
Duşenbe güni, 9-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy 150 million manatdan gowrak geleşikleriň 4-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Duşenbe güni, 9-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy 150 million manatdan gowrak geleşikleriň 4-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Duşenbe güni, 9-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy 150 million manatdan gowrak geleşikleriň 4-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkmen telekeçileri söwdalaryň bütin taryhynda ilkinji gezek TDHÇMB-da külkelenen tehniki kükürdi satyn aldylar. Jemi 150 million manatlyk geleşikleriň 2-si baglaşyldy. Telekeçiler “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan öndürilen önümiň bir tonnasy üçin 7,5 müň manatdan 20 müň tonna önümi satyn aldylar.

Külkelenen tehniki kükürdiň 2020-nji ýylyň dekabryndan daşary ýurda satylmagyndan bäri onuň bahasynyň birsydyrgyn bolmadyk ösüşi bellige alynýar: 2020-nji ýylyň dekabrynda bir tonnasy üçin $ 29-dan 300 müň tonna, 2021-nji ýylyň fewralynda tonnasyna $ 75-dan 250 müň tonna we 2022-nji ýylyň ýanwarynda söwdagärler külkelenen tehniki kükürdiň tonnasy üçin $175 bahadan 200 müň tonna önümi satyn aldylar.

Külkelenen kükürdiň, takmynan, 50%-i kükürt kislotasynyň önümçiliginde, 20-25% töweregi dürli görnüşli sulfitleriň önümçiliginde, 15%-e çenlisi pestisitleriň (haşal otlara garşy serişdeler) önümçiligi üçin çig mal hökmünde oba hojalygynyň zerurlyklarynda ulanylýar. Önümiň 10%-i reziniň wulkanizasiýasynda peýdalanylýar.

Duşenbe güni ýerli telekeçiler TDHÇMB-da 45,3 müň manatlyk el halylaryny hem satyn aldylar.

Şu gün (10-njy maýda) söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgydaky saýtynda tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumy boýunça söwdalar duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebitgaz toplumy boýunça birža söwdalary duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026